Biz barada

Çäksiz lezzet hojalyk jemgiýeti 2016-njy ýylda alýumin gutylarda sowuk çaýlaryň, gazlandyrylan içgileriň we miwe şireleriniň önümçiligi bilen öz işine başlady. Dünýädäki, bu ugurdaky öňdebaryjy tehnologiýaly ulanmak arkaly öndürilýän bu alkogolsyz içgiler ýerli bazarda bäsdeşlerinden tapawutlanyp gysga wagtyň içinde müşderileriniň söýgüsini gazandy. 2020-nji ýylda "Tükel" we "Esas" haryt nyşanlary bilen bazara giren önümleriň hataryna PET gaplardaky alkogolsyz içgiler hem goşuldy. 2022-nji ýylda bolsa kärhanada kofeleriň we kartoşka çipsleriň önümçiligi ýola goýuldy.
Önümçilik desgalarymyz Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýandakly agyz daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýär. Umumy meýdany 40 000 m2 bolan önümçilik ýerimizde 8000 m2 ýapyk önümçilik we kömekçi desgalar bolup durýar. Öndürilen önümler halkara hil standartlaryna laýyk gelýan ammar şertlerinde saklanylýar. Önümçilk enjamlary dolay awtomatlaşdyrylan kärhanamyzda häzirki wagtda 40-dan gowurak hünärmen zähmet çekýär. Kärhanamyzyň önümçilik kuwwaty ýyllyk 100 milýon sany alýumin gutylardaky içgiler, 125 milýon sany PET gaplarda gazlandyrylan içgiler, 125 milýon sany PET gaplarda miwe tagamly içgiler, 50 milýon sany aýna çüýşedäki alkogolsyz içgiler bolup durýar.


Öndürýän önümlerimiz tagamy, hili we tebigy tagamlandyryjylary bilen tapawutlanýar. Şeýle-de, önümlerimiz bazarda hil-baha sazlaşygyny saklap, alyjylar tarapyndan giňden saýlanýan önümleriň arasynda orun alýar. Önümçilikdäki esasy üstünligimizi kärhanamyzyň dünýäniň dürli künjeginde geçirilýän halkara sergilere gatnaşyp döwrebap tejribeleri we tehnologiýalary öwrenmegi bilen kesgitleýäris.
Biz öndürilýän önümlerimiziň tagamlarynyň we hiliniň bu ugurdaky dünýä belli brendler bilen bäsleşige ukuplydygyny kepillendirýäris.

Habarlaşmak üçin

Ýa-da biz bilen aşakdaky maglumatlar boýunça habarlaşyp bilersiňiz:

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýandaklyagyz d/b